Hindistanyň gündogaryndaky Assam ştatynda Saýrang-Kalkutta aralygyna gatnaýan ýolagçy otlusynyň lokomotiwi hem-de alty wagony demir ýoldan çykdy. Bu barada ýerli edara salgylanýan PTI agentligi habar berdi. Pida bolanlar barada habar berilmeýär. Ýolagçylaryň arasynda ejir çekenler bar. Wakanyň sebäpleri derňelýär.