Türkmenistanyň müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen Haj baradaky altynjy halkara maslahatyna we sergisine gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2027-nji ýylyň haj möwsüminde täze hyzmatlary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag hyzmatlaryny we zyýaratçylaryň ýerleşdirilmegini guramak, haj zyýaratçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de olar üçin amatly şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj möwsümi boýunça ylalaşyga gol çekdiler Çäräniň çäklerinde 10-njy noýabrda Türkmenistanyň müftisi Rahman Gurbanmyradow Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Süleýman Maşat bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň raýatlarynyň 2027-nji ýylda haj parzyny berjaý etmekleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine garaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Müftüliginiň müdirligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylyň haj möwsümi boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj möwsümi boýunça ylalaşyga gol çekdiler Şol gün Rahman Gurbanmyradow Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministri doktor Taufik bin Fawzan al-Rabiýa bilen hem duşuşdy. Duşuşykda haj möwsüminiň dowamynda zyýaratçylaryň haj dessurlaryny berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→