Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, şeýle hem «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, Gahryman Arkadagyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki saparynyň we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky 31-nji maslahatyna gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadag «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 – 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylandygyny belläp, bu giň möçberli strategiýany durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyny aýtdy. Duşuşyklaryň dowamynda bu kompaniýalaryň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, energetika, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda işewürler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara çuňňur hoşallyklaryny bildirip, kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→