Rus ýazyjysy Nikolaý Gogolyň stilinden ugur alnyp, «Gigaçat» dil modeli tarapyndan ýazylan we 5-nji oktýabrda satuwa çykan «Öli janlar. Ikinji jilt. Gaýtadan döreýiş» romany nusgawy söz ussadynyň eserine asla meňzänok. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň geňeşçisi Ýelena Ýampolskaýa žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýtdy. «Men kitabyň birje sahypasyna göz aýlap çykdym. Elbetde, islendik adama-da onuň Gogolyňky däldigi, hatda golaýyndanam barmaýandygy belli. Bu şowuna düşäýen şeýlebir türkana synanyşyk. Ýöne wagt geçip, nusgawy ýazyjynyňka meňzeş nämedir bir zat döredilmegi hem mümkin» diýip, Ýampolskaýa nygtady. Ol şeýle-de ussadyň gymmatynyň onuň özboluşlylygynda jemlenýändigini sözüniň üstüne goşup: «Diňe adamda Ýaradanyň nury bolýar. Şonuň üçin isle, edebiýat, suratkeşlik, saz sungaty bolsun, adam tarapyndan döredilen hakyky eseri emeli aň bilen çalyşjak bolmakdan gorkup oturasy iş ýok diýip pikir edýärin» diýdi.