Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeniýet köşgünde türkmen balykçylarynyň taýmyllarda Krasnowodskden (häzirki Türkmenbaşy şäheri) Moskwa çenli geçiren taryhy ýörişiniň 90 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Suw ulaglaryny peýdalanmak kafedrasy bilen bilelikde guraldy. Çärä mugallymlar we talyplar, şol gahrymançylykly taýmylly ýörişe gatnaşanlaryň garyndaşlary, Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Döwürleriň we eýýamlaryň, däp-dessurlaryň arabaglanyşygy, nesilleriň dowamatlylygy Medeniýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide öz beýanyny tapdy. Sergide balykçylaryň taýmyllardaky gahrymançylykly ýörişi barada gürrüň berýän gadymy kitaplar, saralan gazetler we žurnallar görkezildi. Taryhy ýörişe gatnaşyjylaryň şahsy arhiwlerinden alnan fotosuratlar, maşgala ýadygärlikleri, hatda türkmenleriň gadymy milli suw ulag serişdesi bolan taýmylyň asyl nusgasy hem myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Folklor-etnografiýa topary türkmen balykçylarynyň gündelik durmuşyndan sahnalary hem-de 2017-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli däp-dessur tansy — «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdi. Türkmen taýmylçylarynyň «Krasnowodsk–Moskwa» ugry boýunça amala aşyran gahrymançylykly ýörişi barada giňişleýin maglumaty şu ýerden okap bilersiňiz.