Almaty şäherinde Işewürler geňeşiniň mejlisi we türkmen-gazak işewürlik forumy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Dolandyryş geňeşiniň agzasy, «Halkara Audit» hojalyk jemgyýetiniň direktory Begenç Arazow ýolbaşçylyk etdi. Ol öz çykyşynda forumyň we B2B görnüşindäki işewürlik gepleşikleriniň iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edendigini belledi. Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň binýadyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan bilen doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty düzýär. Almaty şäherinde Işewürler geňeşiniň mejlisi we türkmen-gazak işewürlik forumy geçirildi Arazow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 2008-nji ýylda döredilendigini we onuň düzüminde 29 müňden gowrak hususy telekeçiniň, kiçi we orta kärhanalaryň birleşýändigini habar berdi. Olar senagat, himiýa, dokma we azyk önümçiligi, gurluşyk, oba hojalygy, söwda, ulag we logistika ýaly pudaklarda iş alyp barýarlar. Onuň bellemegine görä, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, ýurduň ykdysadyýetinde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 72 göterimden geçýär. Şeýle hem ol Türkmenistanda ileri tutulýan pudaklar üçin ýeňillikleri göz öňünde tutýan durnukly salgyt-býujet ulgamynyň hereket edýändigini we telekeçilere ýeňillikli bank karzlarynyň berilýändigini belledi. TSTB-niň howandarlygynda «Rysgal» banky, Telekeçilik mekdebi, daşary ýurtlardaky söwda öýleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti hereket edýär. Almaty şäherinde Işewürler geňeşiniň mejlisi we türkmen-gazak işewürlik forumy geçirildi Begenç Arazow hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda haryt dolanyşygyny artdyrmagy, himiýa, dokma we azyk senagatynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi, ulag geçelgelerini döretmek maksady bilen iki ýurduň logistika mümkinçiliklerini birleşdirmegi, şeýle hem sanly we «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamynda taslamalary ýola goýmagy görkezdi. Onuň sözlerine görä, türkmen telekeçileri gazagystanly hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyrlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→