Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 290 müňe golaýy Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, yuz.uz saýty habar berid. Hasabat döwründe goňşy ýurda 289,9 müň sany türkmenistanly jahankeşde barypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ýedinji ýeri eýeledi. Sanawyň ilkinji bäşliginde Gyrgyz Respublikasynyň (3,1 million syýahatçy), Gazagystanyň (2,7 million), Täjigistanyň (2,5 million), Russiýanyň (1,1 million) we Owganystanyň (432,6 müň) ady bar. Sanawda Türkmenistanyň öňýanyndaky orny 430,2 müň jahankeşde bilen Hytaý eýeläpdir, Umuman alnanda, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistan 11,6 million daşary ýurtly jahankeşdäni kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,4 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→