Şu günler dürli harby bölümlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna ätiýaçlyga ibermek boýunça dabaraly çäreler geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem şeýle dabara guraldy. Bu barada gullugyö resmi saýtynda habar berildi. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabarasy Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Soňra bellenen möhleti gulluk eden çagyryş boýunça harby gullukçylara dabaraly ýagdaýda harby şahadatnamalary gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekipdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→