Meşhur «Beatles» rok-toparyny esaslandyryjylaryň biri Pol Makkartni dünýäde iň baý sazandalaryň sanawynda üçünji orna eýe boldy, onuň emlägi 1 milard dollardan hem geçdi diýip, «Forbes» žurnaly habar berdi. Žurnalyň habaryna görä, häzirki wagtda iň baý aýdymçy Jay-Z lakamy bilen tanalýan amerikan repçisi Şon Karterdir, onuň emlägi 2,8 milliard dollar bahalanýar. Ondan soňra iki milliard dollar emläk bilen aýdymçy zenan Teýlor Swift gelýär. Makkartniniň esasy girdeji çeşmesi «MPL Communications» holding kompaniýasydyr. Kompaniýa aýdymçynyň hem-de beýleki ýerine ýetirijileriň aýdymlarynyň köpüsi degişli bolmak bilen, bu işewürlik taslamanyň bahasy 250 mln dollara deň. Pol Makkartniniň beýleki girdeji çeşmelerine onuň aýdym-saz çykyşlary saparlary, tutuş dünýädäki gozgalmaýan emläkleri we meşhur suratkeşleriň eserleri girýär. Aýdymçy «Beatles» toparynda 1960-dan 1970-nji ýyllara çenli işledi. Topardan gidenden şu güne çenli ol özbaşdak aýdym aýtmak bilen meşgullanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→