Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenistanly mekdep okuwçylar Özbegistanda geçirilen Abu Reýhan Biruny adyndaky III Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiadanyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Türkmenistanyň wekilleri 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Hususan-da, türkmenistanly mekdep okuwçylardan Pälwan Ilmämmedow altyn, Myrat Didarow we Maksat Tyllaýew kümüş, Jennet Şadurdyýewa bürünç medaly eýeledi. Ýeri gelende olimpada Türkmenistandan 4 okuwçynyň gatnaşyp, olaryň ählisiniň baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. 3 — 10-njy noýabr aralygynda geçirilen halkara olimpiadada Azerbaýjan, Kosta-Rika, Gruziýa, Ysraýyl, Iordaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Mongoliýa, Katar, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Tailand, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan 108 sany mekdep okuwçy özara bäsleşdi. Olimpiadanyň jemleri boýunça gatnaşyjylar 13 altyn, 25 kümüş we 37 bürünç medala mynasyp boldular.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→