Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda balyk dünýäsiniň ýagdaýyna baha bermek we Amyderýa derýasynyň howdanynyň suw biodürlüligine gözegçiligi kämilleşdirmek boýunça amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde durmuşa geçirýän, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (ÄEG) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan «Aral deňziniň basseýninde tebigy gymmaty ýokary bolan ýer serişdelerini we ekoulgamlary köpugurly peýdalar üçin gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy. BMGÖM-niň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, oňa gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň maliýe (we bilermenlik) goldawy bilen halkara bilermeni tarapyndan hödürlenen Amyderýanyň orta akymynda geçirilen ihtiologik barlaglaryň netijelerine garadylar. Maslahatyň dowamynda balyklaryň görnüş düzümi, seýrek we endemik görnüşleriň köpeliş ýagdaýy, olaryň esasy ýaşaýan we göçüp-gonýan ýerleri baradaky maglumatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem derýanyň suw akymynyň azalmagy, gidrologik düzgüniniň üýtgemegi we zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň täsiri ýaly suw ekoulgamlaryna abanýan esasy howplara garaldy. Berlin tebigy taryh muzeýiniň ylmy işgäri, balyklar boýunça halkara bilermen hem-de Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawynyň bilermeni doktor Ýörg Freýhof öz çykyşynda şeýle belledi: «Amyderýanyň biodürlüligini we süýji suw ekoulgamlaryny gorap saklamak häzirki zaman ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri talap edýär. Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde balyklara zyýansyz gözegçilik etmegiň usullaryny synagdan geçirýäris, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere we adamyň hojalyk işleriniň täsirine baha berýäris, şeýle hem milli hünärmenleri taýýarlaýarys. Bu işler sebitde duş gelýän seýrek we endemik balyk görnüşlerini uzak möhletleýin gorap saklamak üçin binýat döredýär». Maslahatda Amyderýa we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň suw ekoulgamlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, balyk dünýäsiniň ýagdaýyna baha bermegiň usulyýetini işläp düzmäge aýratyn üns berildi. Bu okuw maslahaty 28-nji oktýabrdan 9-njy noýabra çenli Lebap welaýatynda geçirilen meýdan barlaglarynyň we amaly okuw çäreleriniň tapgyrynyň jemleýji çäresi boldy. Okuwlaryň dowamynda milli hünärmenler balyklara zyýansyz gözegçilik etmegiň, meýdan maglumatlaryny toplamagyň we olaryň esasy ýaşaýan ýerlerini anyklamagyň usullaryny özleşdirdiler. Alnan netijeler Türkmenistanyň milli hünärmenleriniň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, suw biologik serişdelerine gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmäge we Amyderýa derýasynyň howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň kabul edilmegini üpjün etmäge ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→