Meşhur awtoulag toparyny döreden Ferdinand Porşeniň agtygy, awstriýaly telekeçi we seýrek awtoulaglaryň muzeýini esaslandyran Gerhard Porşe 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «absatz.ru» habar berdi. Porşe Karintida taslamalary ösdürmek bilen meşgullandy. Ol 2010-njy ýylda Sankt-Salwatorde Porsche, Rolls-Royce we Bentley awtoulaglarynyň, ýaryş maşynlarynyň, traktorlaryň, motosiklleriň we motorolleriň muzeýini açdy. Işewür şeýle hem «Seppenbauer» myhmanhanasyny abadanlaşdyryp, aýalynyň hormatyna «Das Salvator – Iris Porsche Landhotel» diýen topluma öwürdi. Gerhard Porşe «Porsche AG» we «Porsche Automobil Holding SE» synçy geňeşlerine ýolbaşçylyk edýän Wolfgang Porşeniň doganydy, emma ondan tapawutlylykda, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaýardy.