ABŞ-nyň esasy baýramçylyk nyşanlarynyň biri bolan Täze ýyl arçasy Nýu-Ýork şäheriniň merkezindäki Rokfeller-merkeziň öňünde dikildi. Boýy 23 metrden geçýän norweg arçasyny ştatyň demirgazygyndan getirdiler. Ol Bäşinji hem-de Altynjy awenýunyň arasyndaky ady tutulan merkeziň meýdançasynda ýerleşdirildi. Arçada yşyklary 2-nji dekabrda ýakarlar diýip, «ria.ru» habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→