Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli künjeginde badalga berlen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Ýurt boýunça geçirilen bu ekologik çäräniň dowamynda dürli görnüşli bag nahallarynyň jemi 537 müň 900 düýbi oturdyldy. Mundan başga-da, seýilgählerde we tokaý zolaklarynda abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ozal ekilen 1 million 947 müň 396 düýp bagyň ideg işleri geçirildi. Bu çäre güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy. Ekilýän nahallar her bir sebitiň toprak-howa şertleri nazara alnyp saýlanyp alyndy. Ýaş nahallary oturtmak bilen bir hatarda, ozal ekilen baglara ideg etmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp baryldy.