Ýakynda Şri-Lanka Respublikasynyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş Assambleýasyna, onuň çäklerinde birnäçe duşuşyklara, mejlislere, medeni çärelere Türkmenistanyň wekiliýeti wekiliýeti işjeň gatnaşdy. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, dünýäniň 66 ýurdundan 225 sany media guramasynyň 350-den gowrak wekilini bir meýdançada jemlän çäreler halkara media giňişliginde taryhy waka boldy. Sebitleýin media dialogy bilen ugurdaşlykda Kolombonyň «Stein Studios» merkezinde «ABU TV Song Festival 2026» halkara aýdym-saz festiwaly hem geçirildi. Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň halkara medeni taslamalarynyň biri bolan bu festiwal dürli ýurtlaryň aýdym-saz sungatyny, milli medeniýetini we döredijilik mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaga gönükdirilendir. Indi 15-nji gezek guralan aýdym-saz gözden geçirilişinde ýurda Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaberdi Orazmämmedow wekilçilik etdi. Türkmen aýdymçysy halkara sahnada «Arkadagly Serdarym» atly aýdymyny joşgunly ýerine ýetirip, daşary ýurtly sungat muşdaklaryny milli estradanyň häzirki zaman öwüşginleri bilen tanyşdyrdy. Zehinli türkmen aýdymçysyna festiwalyň resmi nyşany ýerleşdirilen baýrak we degişli diplom gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→