Türki dünýäsiniň «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwaly Stambulyň Atatürk Medeniýet merkezinde geçirilen ýapylyş we baýrak gowşuryş dabarasy bilen tamamlandy. Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew festiwalyň täze film taslamalarynyň döreýän we bilelikdäki önümçilikleriň ýola goýulýan meýdançasyna öwrülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada TÜRKSOÝ resmi saýtynda habar berýär. Şu ýylyň 3 – 7-nji noýabry aralygynda Stambulda geçirilen festiwalyň ýapylyş dabarasyna TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygy Abdulaziz Akkulow, medeniýet ministriniň orunbasary Jihangir Ahmedow, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň teatr ýolbaşçylary, türki dünýäsiniň kino sungatynyň wekilleri, režissýorlar, prodýuserler we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Türkmen kinosy TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy Festiwalyň çäklerinde doly göwrümli çeper, dokumental we gysga göwrümli filmler tomaşaçylar görkezildi. Festiwal-bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýörite düzülen eminler topary filmlere degişli talaplar esasynda baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, festiwalyň doly göwrümli çeper film bäsleşiginde Türkmenistandan režissýor Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny kino sungatynyň mümkinçilikleri bilen täzeden açyp görkezen bu festiwal halkalaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→