Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň öndüren dürli görnüşli matalaryny hem-de nah ýüplügini satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 520 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 102 million 384 müň 800 manat bolan «Türkmenpagta» döwlet birleşigine degişli pagta süýümini, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar.