Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Festiwalyň jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde myhmanlar türkmen topragynyň berekedi, zähmetkeş daýhanlaryň gazanan üstünlikleri, milli medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Günüň ikinji ýarymynda festiwalyň maksatnamasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» atly sahna oýny görkezildi. Ermeni edebiýatynyň nusgawy wekili Awetik Isahakýanyň meşhur poemasynyň esasynda taýýarlanan bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Onda X-XI asyrlarda ýaşap geçen meşhur arap akyldary we şahyry Abu Lala Maariniň keşbi, ynsanperwer garaýyşlary, ruhy gözlegleri, döredijilik dünýäsi öz beýanyny tapýar. Soňra «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, sahna oýunlarynyň hilini ýokarlandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna gatnaşyjylar häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Çärä gatnaşyjylar medeni gatnaşyklary berkitmekde teatr sungatynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Soňra Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu halkara çäräniň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, sungat arkaly ruhy ýakynlygy üpjün etmekdäki ornuny aýratyn bellediler. Ýapylyş dabarasynyň dowamynda festiwala gatnaşan teatrlaryň wekillerine ýadygärlik sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.