Koronawirusyň täze PJ.2.1 ştammy adaty sowuklama ýa-da dümewe meňzeş bolup biler diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi. «Diňe bir alamaty arkaly haýsy ýokançdygyny ynamly kesgitläp bolmaz» diýip, BSGG-de bellediler. Guramada ýokanjy we bejergini takyk kesgitlemek we jemgyýetçilik saglygy goraýyş derejesinde epidomologik çözgütleri kabul etmäge täsir etmek üçin laboratoriýa barlagynyň zerurdygyny aýtdylar. Russiýanyň «Rospotrebnadzor» edarasy täze hasiýetnamasyna garamazdan, beýleki ýokanç görnüşleri bilen deňeşdirilende, PJ.2.1 ştammynyň keseliň has agyr ýagdaýa ýa-da gaýraüzülmelere getirmeýändigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→