Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler gowşuryldy Habarda bellenilişi ýaly, şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly Merkezde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler gowşuryldy Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar süýjülikleri dadyp hem-de ýörite sowgatlary kabul edip, özleri barada edilýän aladalara hoşallyklaryny joşgunly aýdym-sazlaryň, tanslaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→