Ýaponiýanyň merkezi böleginde magnitudasy 5,7 bala deň bolan güýçli ýer titredi diýip, «news.by» habar berdi. Tebigy heläkçilikde 22 adama lukmançylyk kömegi gerek boldy. Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dükanlaryň aýnalarynyň döwülendigini, harytlara zeper ýetendigini ýazýar. Hernä, ählisi şunuň bilen tamamlandy, sebäbi Ýaponiýada binalaryň köpüsi seýsmiki işjeňligi hasaba almak bilen gurlan diýlip, habarda bellenýär.