Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa az-kem ýagyşly bolar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 15 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +5 gradusdan +10... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +11 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl bolar.