Çagalar üçin halkara programmirleme we dizaýn mekdebi «CODDY» robototehnika boýunça okuwlara kabul edişlik yglan edýär. Sapaklar 18-nji noýabrda başlanýar. Robototehnika – inženerçiligi, gurluşygy we programmirlemäni birleşdirýän häzirki zaman tehnologiýalarynyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Ol çagalara diňe bir enjamlaryň işleýiş ýörelgelerini öwrenmäge däl, eýsem, robotlaşdyrylan modelleri özbaşdak döretmäge hem mümkinçilik berýär. Okuwyň dowamynda okuwçylar konstruktorçylygyň esaslary bilen tanyşarlar, mehanizmleriň we elektron komponentleriniň nähili gurlandygyny öwrenerler, öz modellerini ýyynamagy we olary programmirlemek arkaly dolandyrmagy öwrenerler. Mekdepde belleýişleri ýaly, amaly sapaklar logiki pikirlenmegi, tehniki sowatlylygy, döredijiligi we meseleleri çözmek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Guramaçylaryň pikiriçe, alnan bilimler inženerçilik we programmirleme bilen mundan beýläk-de tanyşmak üçin binýat bolar. «CODDY» mekdebinde robototehnikanyň tehnologiýalary ulanmakdan olary döretmegiň ýörelgelerine düşünmäge geçmek üçin amatly mümkinçilikdigini nygtaýarlar. Sapaklar 18-nji noýabrda başlanýar. Ýaş çäklendirmesi: 6 ýaşdan uly çagalar üçin. Ýazylmak we giňişleýin maglumat almak üçin: +993 63 47-11-92, +993 63 42-67-51.