Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýurdumyzyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda 21-nji noýabrda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Simfoniýanyň jadysy» atly konsertine ähli sungat muşdaklaryny çagyrýar. Sazly agşamyň maksatnamasyna D. Şostakowiçiň we P. I. Çaýkowskiniň dünýä belli saz eserleri girizildi. Konsert sagat 19:00-da başlanýar. Konsertiň peteklerini satyn almak bilen bagly goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 724512; 8 (63) 467177.