«Belet» striming platformasynda režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filmi tomaşaçylara ýetirildi. Film 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda dünýä kinoprokatyna çykdy. Film gadymy grek şahyry Gomeriň şol bir at bilen tanalýan poemasynyň esasynda surata düşürildi. Wakalar Troýa urşy tamamlanandan soň bolup geçýär. Filmiň baş gahrymany, Itaka adasynyň şasy Odisseý on ýyllap watanyna dolanmaga synanyşýar. Ol deňizleriň hökümdary Poseýdonyň gazabyna döz gelmeli bolýar, şeýle hem siklop Polifem we sirenalar ýaly mifologik jandarlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Bu aralykda, onuň aýaly Penelopa öýlerini eýelän we oňa öýlenmek isleýän erkekleriň güýçli garşylygyna döz gelmeli bolýar. Odisseýiň keşbini Mett Deýmon, Penelopanyň keşbini bolsa Enn Heteweý janlandyrýar. Filmde Tom Holland, Zendeýa, Şarliz Teron, Robert Pattinson, Lupita Niongo we beýleki meşhur aktýorlar hem çykyş edýärler. Mundan ozal habar berlişi ýaly, «Odisseýa» filmi tutuşlygyna IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film boldy. Filmiň surata düşüriliş işleri Ýewropanyň dürli ýurtlarynda geçirildi. Döredijilik topary kompýuter grafikasynyň ulanylyşyny mümkin boldugyça çäklendirip, tebigy ýerlerde surata düşürmäge we hakyky sahna täsirlerini döretmäge aýratyn ähmiýet berdi. Filmi «Belet» platformasynda tomaşa edip bolýar.