Belarussiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň arasynda odun aýyrmak boýunça bäşinji çempionatyň ýeňijisi yglan edildi. Ol ýurduň Goranmak ministrliginiň «Woýentw» telekompaniýasynyň toparydyr. Topara Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň ýadygärlik goly ýerleşdirilen palta gowşuryldy diýip, «ria.ru» ýazýar. Habarda bu toparyň ikinji ýyl ýeňiji bolandygy hem-de Prezident Lukaşenkonyň ýadygärlik ýazgy goýan iş paltasyny sowgat alandygy aýdylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda odun çapmak boýunça bäşinji ýaryş ýekşenbede Minskiden uzakda bolmadyk Wýaça suw howdanynyň kenarynda geçirildi. Oňa 40-a golaý topar gatnaşdy.