Duşenbe şäheriniň Döwlet respublikan gurjak teatrynyň döredijilik topary Aşgabadyň tomaşaçylaryna «Ajam ýurdunda Nowruz» atly spektakly hödürledi. Spektakl «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda görkezildi. Täjigistanyň gurjak teatry Aşgabatda «Ajam ýurdunda Nowruz» spektaklyny görkezdi Spektaklyň wakalary şowhunly we öwüşginli gündogar bazarynda bolup geçýär. Bu ýerde tomaşaçylary dürli täsinlikler garaşýar: hemmelerden saýlanyp görünýän beýik aýakgaply sazandalar, horaz söweşleri, hatda tans edýän düýejik hem sahna çykýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, tomaşaçylar täjik tanslaryna we aýdymlaryna tomaşa edip, Nowruz baýramy mynasybetli taýýarlanylýan däp bolan tagamlaryň – täjik palawynyň we sumanagyň taýýarlanylyşy bilen hem tanyşdylar. Artistler tomaşaçylara dürli süýjülikleri hem hödürleýärler. Täjigistanyň gurjak teatry Aşgabatda «Ajam ýurdunda Nowruz» spektaklyny görkezdi Duşenbe şäheriniň Döwlet respublikan gurjak teatrynyň çeper ýolbaşçysy Iskander Buhariýew şeýle gürrüň berýär: «Biziň döredijilik toparymyza “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly V Halkara teatr festiwalyny açmak bagty miýesser etdi. Biziň türkmen paýtagtynda geçirilýän teatr forumlaryna ikinji gezek gatnaşýandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle hem ýakynda Täjigistanda geçirilen VIII Halkara teatr festiwalynda türkmen gurjak teatrynyň artistleriniň “Zamanlaryň rowaýaty” atly spektakl bilen çykyş edendiklerine örän şatdyrys. Teatr festiwaly diňe bir artistlik kärini saýlap alanlar üçin däl-de, eýsem tomaşa zallaryny dolduryp oturýan teatr sungatynyň köp sanly muşdaklary üçin hem hakyky baýramçylykdyr».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→