Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän V Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Iliýas Omarow adyndaky Kostanaý welaýat gazak drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan «Deňiz kenary bilen ylgaýan ala it» atly spektakl görkezildi. Spektakl Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda boldy. Kostanaý drama teatry Aşgabatda «Deňiz kenary bilen ylgaýan ala it» spektaklyny görkezdi Çingiz Aýtmatowyň şol bir at bilen tanalýan powestiniň esasynda sahnalaşdyrylan oýun üçin Kostanaý drama teatry belarus režissýory Daniil Filippowiçi çagyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Spektaklda Kirisk atly oglanjygyň ulalyp ýetişişi, adamyň tebigatyň gazaply güýçleri bilen ilkinji göreşi we demirgazyk halky bolan niwhleriň çuňňur durmuş pähimleri beýan edilýär. Aýtmatowyň powestinde «Ala it» burny hereketsiz ugur görkeziji, mydama awçylara garaşýan mekan hökmünde suratlandyrylýan bolsa, sahna oýnunda bu keşp artistleriň hereketleriniň we beden plastikasy arkaly janlandyrylýar. Matal görnüşinde sahnalaşdyrylan spektaklda horeografiýa gahrymanlaryň içki göreşiniň, ykbalyň we tebigatyň kanunlarynyň özboluşly çeper beýanyna öwrülýär. Kostanaý drama teatry Aşgabatda «Deňiz kenary bilen ylgaýan ala it» spektaklyny görkezdi Saz bezegi we yşyklandyryş çözgütleri tomaşaçylary tebigatyň ilkinji durkunyň we barha güýçlenýän dramatik wakalaryň täsirli dünýäsine aralaşdyrýar. Artistleriň ýerine ýetiriş usuly sahna bilen tomaşa zalynyň arasyndaky araçägi aradan aýyrýar. Şeýlelikde, hereketler ähli giňişligi gurşap alyp, tomaşaçylary bolup geçýän wakalara gönüden-göni çekýär we olaryň her birine özüni pida etmek hem-de umyt baradaky bu wakany içinden başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Neşiriň bellemegine görä, spektaklyň esasy täsiri hem şundan ybaratdyr.