Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ilkinji bag nahalyny ekip, Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Arkdag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagyň başlangyjyndan ruhlanyp, uly joşgun bilen ruhublentlikde köpçülikleýin bag nahallaryny ekdiler. Bag ekmek dabarasynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen gürrüňdeş boldy. Häkim, ilkinji nobatda Niderlandlar Paryşalygyna gidip, dürli görnüşli baglary we köpöwüşginli gülleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tejribesi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Niderlandlar Patyşalygyndan dürli görnüşli tohumlaryň getirilendigi barada maglumat berdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, aýratyn-da Lukmançylyk klasteriniň bölümleriniň gurluşygt boýunça edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşanlara uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.