Türkmenistanda güýzki umumyhalk bag ekmek çäresi boldy. Adat bolşy ýaly, oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. turkmenmetbugat.gov.tm sahypasynyň habar bermegine görä, ýurduň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşleri we dürli guramalaryň wekilleri hem bag nahallary ekmek işlerine işjeň gatnaşdylar. Bag nahallaryny ekmek işleri Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar: agaçlar we gyrymsy agaçlar daglyk hem-de düzlük ýerlerde, derýalaryň, kanallaryň we ýollaryň ýakalarynda, oazisleriň töwereklerinde, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde ekilýär. Bellenilişi ýaly, giň gerimli bag ekmek işleri howany gowulandyrmaga, göçme çägeleri berkitmäge we çölleşmäge garşy göreşmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we ýurduň ekosistemalaryny gorap saklamak wezipelerine hyzmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→