Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol klubuna gazanan dürli üstünlikleri üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň 12 şahadatnamasy gowşuryldy. Klub toparlaýyn derejede ýedi rekord goýdy, galan bäş rekord bolsa parižli klubuň aýry futbolçylaryna degişli. Toparlaýyn rekordlar: Çempionlar ligasynyň finalynda iň uly hasap bilen gazanylan ýeňiş — «Interden» 5:0 hasaby bilen üstün çykany üçin; Çempionlar ligasynyň bir möwsüminde iň köp gol geçiren topar — 2025/26 möwsüminde 45 gol. «Barselona» hem 1999/2000 möwsüminde şeýle netije görkezipdi; Fransiýanyň çempiony diýen ada iň köp eýe bolan topar — 14 gezek; Liga 1-iň bir möwsüminde yzly-yzyna iň köp ýeňiş gazanan topar — 14; Liga 1-de iň uzak wagtlap ýeňilmän gelen topar — yzygiderli 36 duşuşyk; Liga 1-de myhmançylykda iň uzak wagtlap ýeňilmedik topar — yzygiderli 39 duşuşyk; Liga 1-iň bir möwsüminde iň köp utuk gazanan topar — 96. Şahsy rekordlar: Dezire Due — Çempionlar ligasynyň finalynda iň köp netije görkezen futbolçy — 3: 2025-nji ýylda «Inter» bilen geçirilen duşuşykda iki gol we bir assist etdi; Hwiça Kwaratsheliýa — Çempionlar ligasynyň bir möwsüminiň pleý-off tapgyrynda yzly-yzyna gol ýa-da assist bilen tapawutlanan iň uzyn tapgyr — yzygiderli 7 oýunda; Witinýa — Çempionlar ligasynyň bir möwsüminde iň köp takyk pas beren futbolçy — 1602; Markinýos — futbolçylaryň arasynda Fransiýanyň çempiony diýen ada iň köp eýe bolan oýunçy — 11 gezek; Fabian Ruiz — Liga 1-de iň uzak wagtlap ýeňilmedik futbolçy — 51 duşuşykda (40 ýeňiş we 11 deňme-deňlik), 2023–2025-nji ýyllar aralygynda.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→