«Mercedes-Benz» kompaniýasy tormoz suwuklygynyň syzmak ähtimallygy sebäpli, bütin dünýäde 215 231 sany S-Class awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele sedanyň öňki okundaky tormoz şlangalarynda ýüze çykaryldy. Olara zeper ýeten ýagdaýynda tormoz ulgamynyň netijeliligi peselip, aýratyn-da, ýokary tizlikde hereket edilende ýol-ulag hadysasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Mundan başga-da, ýola dökülen tormoz suwuklygy beýleki awtoulaglar üçin hem goşmaça howp döredip biler. Yzyna çagyryş pnewmatiki asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylan S-Class modelleriniň ählisine, şol sanda Maybach we AMG görnüşlerine hem degişlidir. Bu çäre 2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli öndürilen W223 nesline degişli awtoulaglary öz içine alýar. Mundan öň şuňa meňzeş yzyna çagyryş diňe ABŞ-da geçirilipdi. Indi ol beýleki ýurtlara, şol sanda Germaniýa hem ýaýbaňlandyryldy. Germaniýada şeýle nogsanlyk 11 828 awtoulagda ýüze çykaryldy. Awtoulag eýelerine adaty bolmadyk sesler eşidilende ýa-da rul we tormoz ulgamlarynda näsazlygyň alamatlary ýüze çykanda, ulagdan peýdalanmazlyk hem-de ony barlatmak üçin tehniki hyzmat merkezine ýüz tutmak maslahat berilýär. Käbir gözegçilik edaralarynyň maglumatlaryna görä, meseleli tormoz şlangalaryny «Mercedes-Benz» kompaniýasy üçin «Continental» öndüren bolmagy mümkin. Emma awtoulag öndürijisi bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady.