4-nji noýabrda Aşgabat bilen Wenanyň arasynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň «Şu günüň türkmen ýaşlarynyň sesi – Türkmenistanyň ertirki sesi» atly täze taslamasyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Çärä jemgyýetiň ýanynda ýaňy-ýakynda döredilen ýaşlar toparynyň agzalary, jemgyýetiň ýolbaşçysy Neda Berger, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça dolandyryş geňeşiniň agzasy, opera aýdymçysy Konstantin Rittel-Kobilýanskiý, şeýle hem jemgyýetiň agzalary we Aşgabatda hem-de Wenada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Duşuşygy açan Neda Berger täze döredilen ýaşlar toparynyň agzalaryny mübärekledi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň ýurduň geljegindäki orny baradaky aýdan sözlerinden mysallary getirdi. Neda Bergeriň bellemegine görä, Türkmenistanyň ýaş nesli ýurduň jemgyýetçilik-syýasy ösüş ugry bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol ýaşlary terbiýelemekde halkara diplomatiýasynyň we başlangyçlarynyň möhüm orun eýeleýändigini, türkmen ýaşlarynyň halkara giňişliginde ýurda mynasyp wekilçilik edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» ýatlatdy. Täze taslama jemgyýetiň saýtynda ýaşlara niýetlenen ýörite bölümi döretmegi göz öňünde tutýar. Bu bölümde ýaşlar öz pikirlerini söhbetdeşlikleriň we çykyşlaryň üsti bilen beýan edip bilerler. Bellenilişi ýaly, bu bölüm hünär saýlamakdan başlap, geljege bolan garaýyşlara çenli ýaşlary gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşmak üçin meýdança bolar. Guramaçylar taslamanyň Türkmenistan bilen Awstriýanyň ýaşlarynyň arasynda özara düşünişmegi we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine umyt bildirýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň çäklerinde Aşgabada gelmegi, ýurt bilen, onuň däp-dessurlary, bilim ulgamy we medeniýeti bilen tanyşmagy isleýän awstriýaly ýaşlara hem söz berilmegini teklip etdiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar ýörite bölümiň mazmuny boýunça öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler. Onda türkmen ýaşlarynyň sportda, ylymda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri hem giňden beýan edilmelidir. Mundan başga-da, jemgyýetiň işi bilen bagly, Türkmenistan we Awstriýa üçin özara gyzyklanma döredýän ýaşlaryň üstünlikleri, medeni çäreler, möhüm duşuşyklar we beýleki wakalar barada maglumatlary çap etmek üçin sosial ulgamlarda ýörite sahypa döretmek teklip edildi. Taslamany guraýjylaryň pikirine görä, Türkmenistan baradaky neşirleriň mowzuklaryny giňeltmek ýurda bolan gyzyklanmany artdyrmaga hem-de diplomatiýa, ykdysadyýet, ýaşlar syýasaty, sport, medeniýet we beýleki ugurlardaky wakalar barada ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge ýardam eder. Bellenilişi ýaly, ýaşlar toparynyň ilkinji duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Ol gatnaşyjylaryň ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna hem-de häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşine işjeň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→