Perunyň paýtagty Limada «The World’s 50 Best Restaurants» baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. 2026-njy ýyl üçin baýraga Ispaniýanyň Açondo şäherinde ýerleşýän Asador Etxebarri restorany mynasyp boldy. Onuň esasy aýratynlygy tagamlaryň diňe açyk otda taýýarlanýanlygydyr. Ählumumy reýtingde ilkinji bäşlige Gaggan (Bangkok), Alchemist (Kopengagen), Quintonil (Mehiko) Wing (Gonkong) restoranlary girdi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl bu aşhana baýragyna Perudaky Maido restorany eýe bolupdy. Jemleýji sanaw tutuş dünýäden restoran senagatynyň we aşhana tankytçylarynyň 1100-siniň arasyndaky garaşsyz ses berlişik boýunça düzülýär diýip, «MIR 24» habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→