ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Marko Rubio «The New York Times» gazeti bilen söhbetdeşlikde geljekki Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin taýýarlyk görmek bilen baglylykda, işden gitmekçidigi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki habary ýalana çykardy. Döwlet sekretary özüniň maksadynyň wezipe ygtyýarlylyklary dolýança Donald Trampyň ýanynda işlemekden ybaratdygyny, işini söýýändigini nygtady. Munuň öňüsyrasy «The Independent» gazeti Rubionyň 2028-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşmaga taýýarlanmak üçin iş başyndan gitmeginiň mümkindigini ýazypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→