Argentinanyň Tukuman ülkesiniň ýaşaýjylary göýdüjege (gnom) meňzeş geň jandara duşdular. Bu barada jandaryň wideosyny çap eden ýerli «Tucumán Noticias» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Ýaşaýjylar göýdüjegi ösgün şekerçiňrik meýdanynyň ýanynda görüpdirler. Şaýat bolan ýoluň ýakasyny syryp barýan, soňra ösgün otlukda gizlenýän jandary surata düşüripdir. Wideonyň awtory onuň hakyky goblin ýa-da gnomdugyny nygtaýar. Ol wideony «erick_alderete» nik astynda TikTokda ýerleşdirdi. Oňa tomaşa edenler jandaryň kim bolup biljekdigi barada pikirlerini ýazýarlar. Kimler onuň argentin folkloryndan Ukumara ýa-da Pomberodygyny ýazsa, käbirleri adaty maýmyndygyny çaklaýar.