Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen serhetdäki Alat etrabynda täze köpri gurmak üçin öz gaznasyndan 25 milliard som bölüp bermegi tabşyrdy. Bu köprüniň gurulmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük akymyny artdyrmaga ýardam eder. Şeýle-de taraplar COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen ýük tirkeglerini çalşyp tirkemek tertibini ýatyrmagy maslahatlaşýarlar. «Ozbekiston 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 4-nji noýabrda Buhara welaýatyny ösdürmek boýunça geçirilen ýygnakda Alat etrabynda täze köpri we ýol infrastrukturasyny gurmak üçin 25 milliard som bölüp bermegi tabşyrdy. Täze köpri Özbegistanyň we Türkmenistanyň bitarap çäklerini birleşdirýän «Ýamonjar» kanalyň üstündäki 1978-nji ýylda gurlan köpriniň ýerini tutar. Meýilnama görä, täze köpride ýük awtomobilleriniň hereketi üçin her ugurda azyndan iki zolak göz öňünde tutular. Bu serhet geçelgesiniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, nobatlary azaltmaga hem-de ýeňil awtomobilleriň we pyýadalaryň hereketi üçin şertleri gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Şol gün Özbegistanyň Ulag ministrligi birnäçe edaralaryň ýolbaşçylarynyň özbek-türkmen serhedindäki «Alat» serhet gümrük nokadyna baryp, ulag infrastrukturasynyň ýagdaýyny we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak mümkinçiliklerini öwrenendiklerini mälim etdi. Habarda bellenilişine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda «Farap» we «Alat» gümrük nokatlary arkaly 243 müňden gowrak ulag serişdesi geçirilipdir. Munuň özi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 esse köpdür. Häzirki wagtda ady agzalan gümrük nokatlary arkaly her gün iki ugurda 1200-e çenli awtomobil geçirilýär. Täze köpri gurmakdan başga-da, iki ýurduň Hökümetleri COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen ýük tirkeglerini çalşyp tirkemek mehanizminden ýüz öwürmegi maslahatlaşýarlar. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň seljermelerine görä, bu mehanizmiň ýatyrylmagy goşmaça resminamalaşdyrmak işlerini azaltmaga we halkara ýük daşamalaryny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.