«Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Türkiýäniň dini işler müdirliginiň ýolbaşçysy, professor Safi Arpaguş bilen duşuşdy. Duşuşyga «Diyanet» müdürligiň daşary gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň baş müdiri Ensari Ýentürk hem gatnaşdy. Bu barada Türkiýäniň Dini işler müdirligi habar berdi. Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky taryhy-medeni we dini gatnaşyklar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki bilim taslamalaryny amala aşyrmak, türkmen talyplarynyň «Diyanet» müdirliginiň talyp hakly maksatnamasy boýunça okamagyny üpjün etmek, şeýle hem talyp alyş-çalşygyny ýola goýmak we dini edebiýatlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→