«Google» amerikan kompaniýasy Germaniýadaky, Kanadadaky, Fransiýadaky, Şweýsariýadaky we Ýaponiýadaky işgärlerine çykdajylary azaltmak maksatnamasynyň çäklerinde meýletin işden çykmagy teklip etdi. Bu barada «Reuters» agentligi çeşmelere salgylanmak bilen habar berdi diýip, TASS ýazýar. Kompaniýa şeýle etmek bilen, tygşytlanan maliýe serişdelerini emeli aň ulgamyny ösdürmeklige gönükdirmekçi bolýar.