Pekiniň Çanpin etrabynda Oba hojalyk medeniýetiniň karnawalynyň badalga alandygyny CGTN teleýaýlymyna salgylanýan «khovar.tj» agentligi habar berdi. Çäräniň guramaçylary bolup, Hytaýyň mediakorporasiýasy hem-de Oba hojalyk we obaş işleri ministrligi çykyş edýärler. Dabara artistleriň şowhunly çykyşlary bilen açyldy. Şeýle-de açylyş dabarasynda ilatly ýerleriň birnäçe wekilleri çykyş edip, obalaryň okgunly ösýändigi barada gürrüň berdiler. Hytaýyň täze oba hojalyk binalary bilen tanyşdyryldy, olaryň sany 2012-nji ýyldan bäri 300-e ýetdi. Baýramçylygyň çäklerinde tematiki sergiler we tanyşdyrylyş zolaklary hereket edýär. Olarda ýurduň dürli sebitlerinde öndürilýän ekerançylyk önümleri, oba hojalyk önümçiligine täze tehnologiýalaryň girizilişi bilen tanyşmak mümkin.