Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin niýetlenen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek boýunça halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu barada ýurdumyzyň Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara maslahatynda we sergisinde habar berdi. «Häzirki wagtda ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin niýetlenen döwrebap maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meseleleri boýunça halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär» — diýip, Serdar Saparow belledi. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç möçberini netijeli peýdalanmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we ýurduň ýokary tehnologiýaly infrastrukturasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» Kanunyň hereket edýändigini hem ýatlatdy. Serdar Saparow Energetika ministrliginiň garamagynda umumy bellenilen kuwwaty 6,5 müň megawattdan gowrak bolan 11 sany elektrik stansiýasynyň bardygyny aýtdy. Bu kuwwatlyk ýurduň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýurtda bitewi halka görnüşli energetika ulgamyny döretmek taslamasy tamamlandy. Bu bolsa elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy. Ministriň orunbasary pudakda elektrik torlaryny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Halkara tejribäni ulanmak arkaly elektrik energiýasynyň sarp edilişini täjirçilik taýdan hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny hem-de akylly hasaplaýjylary ornaşdyrmak meselesine garalýar. Şeýle hem ministriň orunbasary Aziýanyň ösüş bankynyň goldaw bermegi bilen ýurduň ýel energiýasy serişdelerini öwrenmek boýunça barlaglaryň dowam etdirilýändigini aýtdy. Bu barlaglaryň netijeleri geljekde ýel elektrik stansiýalaryny gurmak üçin amatly ýerleri kesgitlemäge ýardam berer. Mundan başga-da, Türkmenistanda tebigy gazy tygşytlamaga we daşky gurşawa düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berýän utgaşykly aýlawly bug-gaz desgalary ornaşdyrylýar. Çykyşda hünärmenleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplary Gün we ýel energetikasy desgalarynda amaly taýdan taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda gazanan üstünlikleri üçin institut Ýewropa Bileleşiginiň «ýaşyl şahadatnamalaryna» mynasyp boldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahat 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→