Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň wekiliýeti sapar bilen Türkmenistanda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde azerbaýjanly myhmanlar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň arasynda taryhy taýdan kemala gelen dostlukly gatnaşyklaryň, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň syýasy erk-isleginiň netijesinde ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa ýurtda zähmet hukuklaryny goramak, işgärleriň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryny goldamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklary bilen gatnaşyklary giňeltmäge we tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň başlygy Sahyp Mämmedow öz ýurdunda kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri, zähmet hukuklaryny goramak, sanlylaşdyrmak we innowasion başlangyçlar, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary üçin hyzmatlaryň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi. Şeýle-de ol durmuşa geçirilýän durmuş taslamalary we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryna berilýän hukuk kömegi barada durup geçdi. Duşuşykda dynç alyş-sagaldyş ýollanmalaryny bermek ulgamyny sanlylaşdyrmak hem-de şypahana hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan täzelikler barada aýratyn bellenildi. Taraplar 2026-njy ýylyň maý aýynda Baku şäherinde gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini, özara gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň alyp barýan işleri bilen hem tanyşdy.