Häzirki wagtda Lebap welaýatynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Meýilnama laýyklykda möwsümde bu gymmatly azyklyk önümiň 47 müň 400 tonnasy ýygnalmaly. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Häzirki günlerde daýhanlar şalynyň bellenilendäkisinden artyk möçberini ýygnamak maksady bilen gaýratly zähmet çekýärler. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda welaýatda 130 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, «ak altynyň» 320 müň tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilýär. Häzirki günlerde arzyly sepgide abraý bilen ýetmek maksady bilen gowaça meýdanlarynda janypkeşlikli zähmet joşýar. 2026-njy ýylyň tomusky orak möwsüminde welaýat boýunça 130 müň gektarda ekilen ak bugdaýdan 310 müň tonna bereketli hasyl ýygnaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→