Hytaý ABŞ we Russiýa bilen RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy boýunça aragatnaşyk saklaýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Mao Nin habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Hytaý degişli taraplar bilen hytaý, rus we amerikan liderleriniň duşuşygy boýunça aragatnaşyk saklaýar» diýip, Nin üç lideriň Şençžende duşuşygynyň meýilleşdirilmegi boýunça sowala jogap berdi.