Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Awstriýa Respublikasynyň Federal geňeşiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar oňyn häsiýete eýe bolup, ýurtlar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejesinde hereketleri utgaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezident parlament diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýandygyny aýratyn belläp, şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Awstriýanyň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine aýratyn goşandyny belledi hem-de iki ýurduň arasynda ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlarynda öňdebaryjy enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilýändigini nygtady. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri doly ulanmakda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň uly ähmiýeti bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutany ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Milli baýramynyň bellenilip geçilendigini aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→