Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem Pol Kapur pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gahryman Arkadaga we döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýurda amala aşyrýan saparynyň dowamynda Türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşjakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu geňeşmeleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynanperwer ugurlary öz içine alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygyny aýtdy hem-de munuň üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, myhman ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýandygyny belläp, ýurduň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ornunyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, myhman ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurtda köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle hem iki ýurduň arasynda «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşi hereket edýär we ýakynda Aşgabat şäherinde bu geňeşiň nobatdaky maslahaty geçirildi. Türkmenistan tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär diýip, Gahryman Arkadag belledi hem-de energetika babatda sebitde geljegi uly «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurtda ýokary baha berilýändigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurduň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.