Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýasy Türkmenistan bilen senagat ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Kendzi Sanada Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisinde we maslahatynda eden çykyşynda belledi. Kendzi Sanadanyň sözlerine görä, Türkmenistan iri senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan kompaniýanyň möhüm hyzmatdaş ýurtlarynyň biridir. Ol «Kawasaki» kompaniýasynyň işiniň diňe bir önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy bilen çäklenmeýändigini, eýsem olaryň tehniki hyzmatynyň we goldawynyň hem yzygiderli üpjün edilýändigini nygtady. Wise-prezident kompaniýanyň Türkmenistanda üç sany taslamany durmuşa geçirendigini habar berdi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasynyň esasynda 2002–2005-nji ýyllarda Keletede gije-gündizde 3 müň tonna sement öndürmäge ukyply zawod guruldy. Mary şäherinde gije-gündizde 1,2 müň tonna ammiak we 1 müň 925 tonna karbamid öndürmäge niýetlenen mineral dökünler zawody 2009–2014-nji ýyllarda guruldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän («GTG») zawodyň gurluşygy 2014–2019-njy ýyllarda amala aşyryldy. Kärhana bir gije-gündizde 1,8 müň tonna benzin we 350 tonna suwuklandyrylan nebit gazyny öndürmäge ukyplydyr. Kendzi Sanadanyň bellemegine görä, bu dünýäde şeýle görnüşli ilkinji senagat kärhanasy bolup, onuň tehnologik üstünligi «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizildi. Zawodda öndürilýän benziniň düzüminde kükürt we gurşun ýokdur. «Kawasaki» kompaniýasy agzalan üç taslamanyň ählisinde inženerçilik işleri we enjamlary bilen üpjün etmek boýunça jogapkärçiligi öz üstüne aldy. Marydaky zawodyň gurluşyk işlerini Türkiýäniň «Rönesans» kompaniýasy ýerine ýetirdi. «GTG» zawodynyň gurluşygynda bolsa «Kawasaki» kompaniýasy «Rönesans» kompaniýasy bilen bilelikde konsorsiumyň düzüminde çykyş etdi. Kendzi Sanada «GTG» zawodynyň we «Marykarbamid» kärhanasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hünärmenleriniň tagallasynyň netijesinde durnukly işleýändigini aýtdy. Toplumlaýyn tehniki hyzmat boýunça baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde «Kawasaki» ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş materiallaryny iberýär, şeýle hem tehniki hünärmenlerini ugradýar. Ol «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. Wise-prezident kompaniýanyň ekologiýa ugurly tehnologiýalary barada hem maglumat berdi. Olaryň hatarynda galyndylary gaýtadan işlemek arkaly energiýa öndürmek, şol sanda galyndylary ýakmak arkaly energiýa öndürýän kärhanalarda CO₂ gazyny tutup almak boýunça patentlenen tehnologiýa bar. Häzirki wagtda bu tehnologiýa Ýaponiýada synag taslamasy hökmünde barlanyp görülýär. Mundan başga-da, kompaniýa hapa suwlary arassalamakdan başlap, deňiz suwuny süýjetmäge çenli suw arassalaýyş ulgamynda dürli çözgütleri hödürleýär. Kendzi Sanadanyň pikirine görä, bu tehnologiýalar Türkmenistanda işjeň ösdürilýän aýlawly ykdysadyýetiň kemala gelmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşup biler. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergi we maslahat («CIET-2026») 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum 60 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Çäre Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.