Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblasty Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada sebitiň gubernatorynyň orunbasary Dmitriý Ionin Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde žurnalistlere beren interwýusynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň çakylygy boýunça Aşgabat şäherine Swerdlowsk oblastynyň 15 kärhanasynyň wekillerinden ybarat uly wekiliýet ilkinji gezek geldi. Olaryň bir bölegi eksport ugurlaryna ýöriteleşen bolsa, beýlekileri Türkmenistanda önümçiligi ýerli şertlerde ýola goýmagyň mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlary gözleýär. Gubernatoryň orunbasary Swerdlowsk oblastynyň diňe bir ykdysadyýet we önümçilik däl, eýsem ylym we tehnologiýalar ulgamynda hem uly mümkinçiliklere eýe bolan iri senagat sebiti bolup durýandygyny nygtady. Ol Ural dag-magdan we geologiýa uniwersitetini hem-de Ural federal uniwersitetini mysal hökmünde görkezdi. Şeýle hem häzirki wagtda Ýekaterinburg şäherinde Türkmenistandan 500-den gowrak talybyň bilim alýandygyny belledi. Onuň pikiriçe, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi geljekde hünärmenleriň taýýarlyk derejesini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hem şert döreder. Dmitriý Ionin sebitiň Türkmenistandan gurluşyk materiallaryny we aýna önümlerini import etmäge hem gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Swerdlowsk oblasty geljek ýylyň tomsunda Ýekaterinburgda geçiriljek «Innoprom» halkara senagat sergisine Türkmenistanyň has giň wekiliýetine, şol sanda ýerli kärhanalaryň wekillerine garaşýar. Bu bolsa türkmen kärhanalaryna önümçilik zynjyrlary boýunça özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň wekiliýeti soňky iki sergä hem gatnaşdy. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergi we maslahat («CIET-2026») 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum 60 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Çäre Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.