«Rosatom» döwlet korporasiýasy Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisinde häzirki zaman taslamalaryny öz içine alýan diwarlygyny hödürledi. Olaryň hatarynda uly we kiçi kuwwatly energiýa bloklaryny birleşdirýän utgaşykly atom elektrik stansiýasynyň maketi hem bar. Sergi diwarlygynda ýadro lukmançylygyna, goşmaça önümçilik tehnologiýalaryna, kompozit materiallara we hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. «Rosatom» döwlet korporasiýasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Dmitriý Konstantinowyň gürrüň bermegine görä, sergä gatnaşmagyň esasy maksady türkmenistanly hyzmatdaşlary döwlet korporasiýasynyň işi we onuň atom energetikasynda, şeýle hem bu ugur bilen baglanyşykly ýokary tehnologiýaly pudaklarda — ýadro lukmançylygynda, goşmaça önümçilik tehnologiýalarynda we gurluşyk üçin niýetlenen kompozit materiallary öndürmekde hödürleýän häzirki zaman çözgütleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. «Atom energetikasy, ilkinji nobatda, diňe bir energetika pudagyny däl-de, eýsem ylmy we bilimi hem öz içine alýan ulgamdyr. Hünärmenleri taýýarlamak atom energetikasynyň aýrylmaz bölegidir» — diýip, Dmitriý Konstantinow belledi. Ol häzirki zaman atom energetikasynyň ösüşinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny we bu ugurda Russiýanyň öňdebaryjy orny eýeleýändigini nygtady. Onuň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda gurluşygy alnyp barylýan eksport maksatly 31 sany energiýa blogunyň 27-si Russiýa tarapyndan gurulýar. Konstantinowyň bellemegine görä, häzirki wagtda atom elektrik stansiýalaryny gurýan we bu ugra ilkinji gezek girişen bäş ýurduň arasynda Russiýanyň tehnologiýalaryny saýlap alan döwletler bar. Olaryň hatarynda Türkiýe, Bangladeş, Müsür we Özbegistan görkezildi. Ol ýakyn wagtda Gazagystanyň hem bu ýurtlaryň hataryna goşuljakdygyny aýtdy. «Rosatomyň» sergi diwarlygynda uly kuwwatly we kiçi kuwwatly atom elektrik stansiýalaryny birleşdirýän utgaşykly birleşdirilen atom elektrik stansiýasynyň maketi görkezildi. Maket kuwwaty 1 müň MWt bolan iki sany we kuwwaty 55 MWt bolan ýene iki sany energiýa bloguny öz içine alýar. «Kiçi kuwwatly atom energetikasy häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biridir. Atom energetikasyna geçmegi maksat edinýän, emma energetika ulgamlary entek ýeterlik derejede ösen bolmadyk ýurtlar hut şu tehnologiýany saýlaýarlar. Şeýle ýagdaýlarda kiçi kuwwatly atom elektrik stansiýasy bu ugra geçmek üçin ilkinji amatly ädim bolup durýar» — diýip, Konstantinow düşündirdi. Onuň sözlerine görä, şeýle gurluş çözgüdi kuwwaty zerurlyga görä sazlamaga mümkinçilik berýär we atom energetikasy boýunça toplumlaýyn taslamanyň has çeýe bolmagyny üpjün edýär. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergi we maslahat («CIET-2026») 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum 60 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Çäre Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.