Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary depginler bilen ösdürilýändigini bellediler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň esasy hereketlendiriji güýç bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Taraplar iki ýurduň halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Iki döwletiň hem ygrarly bolan bitaraplyk syýasatyna laýyklykda, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugurlaryň biri boldy. Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars-Fuksuň şu saparynyň çäklerinde oňa 30-dan gowrak awstriýaly kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat giň düzümdäki işewürler wekiliýeti hem ýoldaşlyk edýär. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde parlamentara dialogyň möhüm ornuny nygtadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→